Merkezi ylmy kitaphana

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we Tehnika baradaky Ýokary geňeşiň

Sözler


 ru | en 
sözlersaýtlartäzelikler

Maglumat

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň Merkezi Ylmy Kitaphanasy 1941-nji ýylyň 26-njy martynda SSSR YA-nyň Türkmenistanyň filialynyň (TFAN-nyň) kitaphanasy hökmünde döredilipdir. 1957-nji ýylda oňa (botanika bagy bilen bilelikde) Ylmy edara derejesi berlipdir.

Ylmy kitaphana we ylmy edara hökmünde MYK indi 60 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryna, hökümet edaralaryna, ministrliklerine, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryna we talyplaryny, pudaklaýyn Ylmy-barlag institutlaryň alymlaryna, hünärmentlerine ylmy we beýleki edebiýatlar bilen hyzmat edip gelýär.

MYK Ylmyň ähli pudaklary boýunça edebiýatlary özünde jemleýän hazynahanadyr. Onuň aýratyn bellemeli tarapy, ol hem Sowet döwletiniň dowam eden döwründe, edil beýleki milli Soýuz Respublikalarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde dürli daşary ýurt dillerindäki (iňlis, fransuz, nemes, arap, pars, türk we beýlekiler) ylmy edebiýatlary özünde jemleýän ýeke-täk kitaphanadyr. Şol döwürde bu edebiýatlary satyn almak üçin Türkmenistana merkezden goýberilýän walýuta serişdeleriň 99 göterimi MYK-a berlip gelindi. Netijede ýarym asyrdanda gowrak wagtyň dowamynda MYK-da jemlenen dürli dillerdäki ylmy neşirler bahasyna ýetip bolmajak genji hazyna öwrüldi. Şeýle-de 1917-nji ýyldan öňki we soňky döwürlerde türkmen dilinde dürli elipbiýlerde (arap, latyn we kirilisa) türkmen dilinde neşir edilen metbugat eserleriniň iň doly saklanan ýeri hem MYK-ň hazynahanasydyr. MYK Ylmyň kitaphanaşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitapşynaslyk ýaly pudaklary boýunça Ylmy - barlag işlerini alyp barýan esasy merkezidir. Ol bu ugurlar boýunça düýpli monografiýalar, makalalar ýygyndylaryny neşir etdi. MYK-ň işgärleriniň 200-den-de gowrak ylmy makalalary Türkmenistanyň we Orsýetiň ýöriteleşdirilen döwürleýin neşirlerinde çap edildi. Olaryň käbirleri iňlis, türk we pars dillerinde-de çap bolup çykdy.

MYK ylmy kömekçi bibliografiýalary düzüp neşir edýän esasy merkezleriň biridir.

Kitaphananyň hazynahanasynda akademikler P.A.Azimowiň, Ş.Batyrowyň, T.Berdiýewiň, Z.B.Muhammedowanyň we beýleki görnükli alymlaryň şahsy kitaphanalary saklanylýar.

1968-nji ýyldan bäri kitaphana "Türkmen alymlary" atly şahsy bibliografik görkezijileriň tapgyryny goýberýär. Häzirki güne çenli olaryň 36-ny neşir edilipdir.

Kitaphananyň 11 sany bölümi we 2 sany bölümçesi bar. Olar toplama, daşary ýurt edebiýaty, ylmy bibliografiýa, pudaklaşdyrma we kataloglar, hyzmat ediji, sorag-jogap we bibliografiýa, türkmen edebiýaty we seýrek neşirler, hazynahana, dünýä Bankynyň indewsiz hazynahanasy, kompýuterleşdirmek we mehanizmleşdirmek, sahaplaýjy bölümlerinden we ätiýaç hazynahanasyndan we GDA-nyň kitaphanalary bilen kitap alyş-çalyş, hususy abonement bölümçelerinden ybaratdyr.

Merkezi ylmy kitaphananyň hazynahasynda 2006-njy ýylyň Oguz aýynyň 1-ne çenli 1.343.043 müň metbugat eserleri saklanýar.

Kitaphanada kompýuterleşdirmek we mehanizmleşdirmek bölümi arkaly ähli kitaphana işleri kompýuterleşdirilýär. Onuň üçin kitaphananyň hünärmenleri täze "Kitaphana" atly kompýuter programmasyny ýazýarlar.


© YTBÝG MYK, 2005–2008